13-nji iýulda BMG-niň Halkara Çagalar Gaznasy guramasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetirji direktory Genrietta Foruň işden gitmekçidigi belli boldy. Ýagny BMG-niň baş sekretarynyň resmi wekiliniň orunbasary Farhan Hak guramanyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetirji başlygy Genrietta Foruň işden gitmek barada karara gelendigini habar berdi.
“ÝUNISEF-iň başlygy bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşi habarly etdi, ol munuň sebäbini özüni maşgalasynyň saglygyna bagyşlamak islegi bilen baglady. Baş sekretar onuň çözgüdini düşünmek bilen kabul etdi” diýip, Hak metbugat maslahatynda aýdyňlaşdyrdy.
Hakyň sözlerine görä, BMG-niň baş sekretary Fora dünýä ýurtlarynda çagalaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen işi üçin hoşallyk bildirdi.
