Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň 32-si işläp başlar

09:0013.07.2021
0
34631

Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-sinden täze hünär ugurlarynyň 32-si açylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Täze ugurlaryň iň kän açylan ýokary okuw mekdebi Türkmen oba hojalyk institutydyr. Bu ýerde bakalawrlary taýýarlamagyň 6 ugry açyldy. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da we Oguz han adyndaky TITU-da bakalawrlary taýýarlamagyň täze ugurlarynyň 5-si açyldy.

Bulardan başga-da, Döwlet maliýe institutynda, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de we Döwlet medeniýet institutynda üç sany bakalawr ugurlarynyň açylandygyny dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Täze ugurlar Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika, Döwlet energetika institutlarynda, Döwlet çeperçilik akamediýasynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde-de açyldy.

Umuman, 32 täze ugruň 28-si bakalawrlary taýýarlamak, galan dördüsi bolsa hünärmenleri taýýarlamak boýunça ugurlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň