Top.Mail.Ru

Aktiwlerini satmak kararyna geldi

15:2609.07.2021
0
534

Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” döwlet nebit korporasiýasy özüne degişli bolan aktiwleriniň satuwlarynyň hasabyna 10 milliard amerikan dollary möçberinden girdeji almak isleýär diýip, kompaniýanyň korporatiw ösüş boýunça uly wise-prezidenti Abdulaziz Al Gudaýimi “Bloomberg” neşirine habar berdi.

2020-nji ýylda, ählumumy koronawirus ýokanjynyň möwjemegi bilen baglylykda, nebitiň bahalarynyň görnetin pese gaçan döwri “Saudi Aramco” özüniň aktiwleriniň möçberini bahalandyrmak boýunça iş toparyny döretdi. Netijede toparyň gelen netijelerine esaslanyp, kompaniýa şu ýylyň aprelinde özüniň turbageçiriji şahamçasyndaky paýyny maýa goýumçylarynyň konsorsiumyna 12,4 milliard amerikan dollaryna satdy.

Al Gudaýiminiň sözlerine görä, kompaniýa golaý ýyllarda-da, bazardaky ýagdaýlara garamazdan, özüniň aktiwleriniň satuwyny amala aşyrar we bu işewürlik geleşiklerinden onlarça millard dollarlyk girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.

“Bu işiň maksady aktiwleriň gymmatyny ýokarlandyrmak hem-de işewürligiň bähbitliligini artdyrmak bolup durýar, netijede, kompaniýa maýa serişdeleriniň agramly bölegini özüne çekmek isleýär” diýip, ol sözüni aýdyňlaşdyrdy.

Gidaýiminiň aýtmagyna görä, “Saudi Aramco” geljekde-de käbir pudaklardaky işewürligini bähbitli satuwa çykarmagyň üstünde işleýär hem-de täze geleşikler üçin maýa goýumçylary gözleýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň eletrik energiýasy, awiasiýa, gozgalmaýan emläkler we ätiýaçlandyryş pudaklary boýunça şahamçalary bar.

Kompaniýa täze satuwlardan geljek girdejilerini işewürligiň has döwrebap ugurlaryna gönükdirmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň