TFF-niň kubogy ― 2021: «Energetik» ýarym finala çykdy

23:4521.06.2021
0
4238

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «A» toparçasynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň «Energetigi» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bolup, 59-njy minutda Orazmuhammet Işangulyýew açdy. 95-nji minutda bolsa Tirkiş Muhammetberdiýew «Energetigiň» ýeňşini has berkitdi. Pökgüleriň ikisiniň hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilendigini aýtmak gerek.

Şeýlelikde, «Energetik» toparçada 7 utuk toplan, TFF-niň kubogynyň ýarym finalyna çykdy.

Ertir «Aşgabat» stadionynda «B» toparçadaky jemleýji duşuşyklar geçiriler. Sagat 18:15-de «Nebitçi» bilen «Merw», 20:30-da bolsa «Ahal» bilen «Köpetdag» duşuşar.

Ýaryş 27-nji iýunda tamamlanar.

TFF-niň kubogy ― 2021. «A» toparça. 3-nji tapgyr

«Şagadam» — «Energetik» — 0:2

Gollar: Orazmuhammet Işangulyýew 59 (11 m.j.u.), Tirkiş Muhammetberdiýew 90+5 (11 m.j.u.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň