Aşgabatdaky asma ýoly we ertekiler dünýäsi hususylaşdyrylar

11:1216.06.2021
0
13343
Aşgabatdaky asma ýoly we ertekiler dünýäsi hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Energetika ministrliginiň «Türkmenbaşynyň asma ýoly» we Aşgabat şäher häkimliginiň «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» döwlet kärhanalaryny hususy taraplara ynançly dolandyrmaga bermek boýunça teklipleri kabul edýändigini habar berýär.

Bu baradaky bildiriş şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Teklipler ynançly dolandyrmagyň taraplary üçin ykdysady taýdan esaslandyrylan bähbitli şertler baradaky maglumatlary öz içine almaly we dolandyrýan tarapyň bu ugurda baý tejribesiniň bolmagy zerurdyr.

Teklipler 2021-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: (+99312) 39-46-69/75.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň