Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Hökümetiň 11-nji iýunda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ähli ugurlarda telekeçiligiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda döwlet eýeçiligindäki desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri seljermegiň hem-de bu işleri bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.