Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa daşary ýurtly talyplaryň ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýeňilleşdirer

15:0210.06.2021
0
14190

Russiýanyň hökümeti penşenbe güni geçiriljek nobatdaky ýygnakda daşary ýurtly talyplara Russiýa Federasiýasynda ýaşamak üçin ygtyýarnama almagyň tertibini ýönekeýleşdirjek tekliplere sereder ― diýip TASS habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu «kanunçylyk taslamasy, okamak maksady bilen Russiýa Federasiýasyna gelen daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýaşamagynyň tertibini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda daşary ýurtly talyplar hökümet tarapyndan bellenen kwotanyň çäginde umumy esasda Russiýada wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsat alýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň