Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Medeniýet ministrligi türkmenistanly sungat ussatlaryna Hormat hatlaryny gowşurdy

20:1808.06.2021
0
6799

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň adyndan dirižýor Resul Gylyjowa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri üçin, şeýle hem aýdymçylar Leýli Ökdirowa we Nury Nuryýewe Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Geçen ýyl Gazagystanda tanymal şahyr, kompozitor, gazak nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Şanly senä bagyşlanan dabara Türkmenistandan döredijilik topary hem gatnaşyp, olar kompozitorlar Ahmet Žubanow bilen Latif Hamidiniň «Abaý» operasydan eserleri ýerine ýetirdiler.

Abaý Kunanbaýewiň çylyşyrymly durmuşy barada gürrüň berýän 1944-nji ýylda döredilen opera Gazagystanyň opera sungatynyň iň güýçli eserleriniň biri hasaplanylýar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň adyndan orkestriň dirižýory Resul Gylyjowa minnetdarlyk hatyny gowşuranda Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew:

― Biziň türkmen doganlarymyz gazak şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşdylar. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylgyndaky Döwlet simfoniki orkestri, opera aýdymçylary Nury Nuryýew, Leýli Ökdirowa we beýleki dostlarymyz Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşdular. Biziň medeniýetimiz, dilimiz umumy, beýleki ýurtlaryň öňünde guwanara zadymyz bar. Şunuň ýaly bilelikdäki çäreler halklarymyzyň medeniýetini baýlaşdyrýar – diýip belledi.

Orkestriň işine berlen ýokary baha jogap edip, sazandalar solistler bilen bilelikde ýene-de «Abaý» operasyndan ariýalary ýerine ýetirip, dabarynyň myhmanlaryny begendirdiler. Şeýle hem tenor Atajan Berdiýew Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň goşgusyna aýdym aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň