Soňky habarlar

Arhiw

«Form Export» türkmen hususyýetçilerine ýük ulaglarynyň hyzmatyndan bilelikde peýdalanmakda ýardam eder

13:2006.06.2021
0
14294

Türkiýeden Türkmenistana haryt eksportyny guramak bilen bagly köpugurly hyzmatlary bilen adygan «Form Export» hususy kärhanasy mundan beýläk türkmenistanly telekeçiler üçin ýük ulaglarynyň konteýerlerini bilelikde kärendesine almak üçin ýardam berer.

Kärende hyzmaty aýda iki gezek berler. Onuň kömegi bilen Türkiýeden Türkmenistana getirilýän ýükleriň özüne düşýän bahasy has arzanlar.

Şeýle hem «Form Export» Türkmenistana hojalyk harytlaryny, azyk himiki serişdelerni, azyk önümlerini, gurluşyk serişdelerini, önümçilik enjamlaryny getirmek boýunça hem täze hyzmatlaryny hödürleýär.

«Form Export» häzirki wagtda Türkmenistanda «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy, «Perliss» firmasy hem-de Balkan, Mary welaýatlarynyň telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

«Form» lomaý we bölek söwda bilen meşgullanýan müşderiler üçin «Form fragrance» atyrlar toplumyndan «Extrait de Parfum» premium derejeli atyrlaryny hem hödürleýär. Bu atyr meşhur markalaryň nusgasydyr. Beýleki markalaryň nusgalaryndan onuň esasy tapawudy, ysly maddalaryň ýokary konsentrasiýasy we has gowy çydamlylygydyr.

«Form» hususy kärhanasy Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda «Form» markasynyň paýlaýjy ulgamyny emele getirýär we türkmen işewürlerini Türkiýe bilen bähbitli söwda hyzmatdaşlygyny alyp barmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň