Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär

20:5417.05.2021
0
5526
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşynyň iki duşuşygynda geçiren dört pökgüsi bilen tutuş ýaryşyň iň netijeli futbolçylarynyň başyny çekýär.

Onuň şu gün Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» futbol topary bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, şol pökgüleriň ikisini hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirendigini ýatladýarys. Mundan öň Altymyrat Annadurdyýew «Hujand» bilen geçirilen duşuşykda-da iki gezek tapawutlanypdy.

Ýeri gelende aýtsak, ol yklym ýaryşyndaky ähli geçiren pökgüleriniň sanyny 22-ä çykardy. Altymyrat Annadurdyýew bu ýaryşda iň kän tapawutlanan türkmenistanly futbolçydyr.

Sanawyň ikinji basgançagynda hem türkmenistanly futbolçy bar. «Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew iki duşuşykda üç pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň