Soňky habarlar

Arhiw

1-nji synp okuwçylaryna gowşuryljak kompýuterleriň täze tapgyry synagdan geçirildi

11:2315.05.2021
1
17015

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň Awazada geçirilen göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara gowşurmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän “Bilimli” nyşanly okuwçy kompýuterleriniň synagdan geçirilendigini hem-de olaryň hil standartlaryna, çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyk gelýändigi we bu babatda degişli kepilnamalaryň alnandygy barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kompýuter önümçiligi boýunça täze pudagyň döremeginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetimiziň özümizde öndürilen maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini üpjün etmek bilen bagly aýratyn möhüm wezipäni amala aşyrmakda ähmiýetlidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen ýörite multimediýa okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
azatgeldi ( 15.05.2021 )

А вот моему сыну тоже в школе выдали: На экране большими буквами приклеили наклейку КОМПЬЮТЕР, открыли посмотрели оказалось что это просто тетрис так назвали )))

3