«Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2021-iň ilkinji duşuşygynda şu gün Täjigistanyň «Rawşanyny» ýeňdi.
Bişkek şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda Türkmenistanyň wise-çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
«Ahal» pökgüleriniň ikisini 14-nji we 18-nji minutlarda Elman Tagaýew, birini bolsa 63-nji minutda Gurban Annaýew geçirdi. «Rawşanyň» düzüminde bolsa 52-nji minutda Daler Şomurodow 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.
Şeýlelikde, «Ahal» 3 utuk bilen «E» toparçanyň başyny çekýär. Heniz duşuşyk geçirmedik «Dordoý» bilen düýn utulan «Rawşanda» utuk ýok.
«Ahal» yklym ýaryşyndaky indiki duşuşygyny 17-nji maýda «Dordoý» bilen geçirer.