Soňky habarlar

Arhiw

AliExpress türkmenistanly müşderiler üçin rus dilinde hyzmat berýär

21:4728.04.2021
0
27438

«AliExpress Russia» wirtual söwda platformasy rus dilinde müşderileri goldamak hyzmatyny doly ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatnamanyň çäginde kompaniýa aragatnaşyk merkezleriniň ösüşini giňeltmekçi.

Platformanyň aragatnaşyk merkezleri Orýol («Telekontakt» kompaniýasy), Iwanowo («Gran» kompaniýasy) we Çeboksary («Rostelecom» gurluşy) şäherlerinde ýerleşýär. Şeýle hem merkeziň işine Stawropolda («Voxys» kompaniýalar topary) başlamak meýilleşdirilýär.

Ähli aragatnaşyk işlerini rus dilinde amala aşyrylmagy üçin kompaniýa müşderileriň islegleri boýunça işleýän hünärmenleriň sanyny 500 adama çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Ýöriteleşdirilen merkezler we Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň köpüsiniň ― Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Moldowanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleirň ulanyjylarynyň sargytlary bilen işleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň