Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýady dörediler

17:4517.04.2021
0
8981

Türkmenistanda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Häzirki wagtda biržanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, nyrhlaryň elektron maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamak boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň sahypalarynda birža şertnamalarynyň bellige alnandygy, olaryň seljerilişine, müşderileriň «şahsy iş otaglarynyň» döredilendigine we beýlekilere degişli maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde bellige alnan daşary ýurt şertnamalarynyň esasynda getirilýän harytlaryň sanawy we bahalary bilen tanyşmak, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň sanawy we bahalary barada maglumatlary almak bolýar.

Bu maglumatlar birinji tapgyrda ähli gyzyklanýan taraplara elýeterli bolar. Halkara bazarlarda ulanylýan dünýä tejribesine daýanyp, müşderileriň sanynyň hem-de saýtyň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanylyşynyň artmagy bilen, maglumatlar binýadyny ulanyjylar üçin tölegli esasda elýeterli etmek göz öňünde tutulýar.

Müşderileriň islegine görä, aýry-aýry haryt görnüşleriniň bahalaryny tassyklap bermek, biržada dellallyk ýerlerini açmak, munuň üçin elektron usulda tölegleri üpjün etmek hem-de beýlekiler boýunça hyzmatlary girizmek göz öňünde tutulýar. Nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegi birža hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmaga, täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge hem-de üç ýylyň dowamynda maglumatlaryň ählisini saklamaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň