Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada COVID-19-a garşy antitelalary anyklamak üçin immunoferment barlag-testi işlenip taýýarlanyldy

14:3115.04.2021
0
3884

Rospotrebnadzoryň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag institutynda koronowirusa garşy bedende emele gelýän antitelalaryň möçberini anyklamak üçin niýetlenilip immunoferment barlag-testi işlenip taýýarlanyldy we bellige alyndy. Bu barada TASS Rospotrebnadzoryň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Habar berlişi ýaly, bu ulgam koronowirus ýokanjy bilen kesellän hem-de keselliler bilen gatnaşykda bolup kesili hiç hili alamatsyz görnüşde geçiren näsaglaryň ganynyň düzümindäki antitelalary anyklamaga ýardam edýär. Bu barlag-testiniň döredilmegi üçin zerurlyk näsagyň bedeninde bar bolan antitelalaryň mukdaryny anyklamagyň onuň bejeriş işlerine oňyn ýardam edýändigi bilen baglydyr. Şeýle hem barlag-testi immunitetiň populýasion derejesine baha bermek we COVID-19-a garşy goşmaça waksina almak üçin bedeniň immunitetiniň goranyş ýagdaýyny anyklamak üçin ulanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň