7-nji aprelde Aşgabadyň etegindäki «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi gaýtadan dikeldilýär. Arzuw.news bu barada bazaryň söwdegärlerine salgylanyp habar berdi.
Bazaryň işine çäklendirmeler geçen ýylyň iýul aýynda girizilipdi. Türkmenistanyň Kesellere gözegçilik etmek boýunça adatdan daşary toparynyň karary bolsa geçen ýylyň 26-njy awgustynda kabul edildi.
154 gektar meýdany tutýan bazar Merkezi Aziýanyň iň iri söwda toplumlarynyň arasynda bäşinji orny eýeleýär. Bu toplumda 2000-den gowrak söwda nokady, uzakdan gatnaýan söwdagärler üçin myhmanhana we köp sanly garbanyşhana bar.