Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň telekeçileri «Kanton ýarmarkasy» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

15:0606.04.2021
0
20789

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň telekeçilerini 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinden 24-nji apreline çenli «Hytaýyň import we eksport ýarmarkasy» (Chinese Export Commodities Fair) diýlip atlandyrylýan, dünýäde «Kanton ýarmarkasy» hökmünde tanalýan 129-njy onlaýn sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada TSSE-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu sergi Hytaýda ýadygärlik sowgatlaryndan başlap, awtoulaglara we enjamlara çenli ähli harytlaryň iň uly sergisidir. Hytaýda öndürilýän önümleriň hemmesini diýen ýaly bu sergide görüp we satyn alyp bolýar.

Bu çäre 1957-nji ýylyň ýazyndan bäri Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda, ýagny Guançžou şäherinde geçirilýär. Bu giň gerimli çäräniň guramaçysy Halk Sebitiniň hökümeti we Hytaýyň Söwda ministrligi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Hytaýyň Daşary söwda merkezidir.

Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, bu çäre 2020-nji ýyldan bäri onlaýn ýagdaýnda geçirilýär.

Sergide aşakdaky ýaly önümler hödürlener:

- gurluşyk, elektronika we senagat üçin niýetlenen harytlar;

- ýadygärlik sowgatlar, mebel, bezeg üçin, dokma önümleri üçin niýetlenen harytlar;

- egin-eşik we aýakgap, öý dokma esbaplary üçin niýetlenen harytlar;

- lukmançylyk enjamlary üçin niýetlenen harytlar;

- syýahatçylyk enjamlary we kanseläriýa üçin niýetlenen harytlar.

“Kanton ýarmarkasyna” gatnaşmagyň 4 artykmaçlygy (Chinese Export Commodities Fair):

1. HHR-iň öndürijileri bilen söwda işini açmagyň meýilnamalaşdyryş tapgyrynda hytaýly üpjün edijileriň teklipleri bilen tanyşmak.

2. Arzan bahadan köp mukdarda ýokary hilli önümleri satyn almak.

3. Işewürligi giňeltmek we beýleki bazarlarda ýer almak üçin täze hyzmatdaşlary gözlemek.

4. Has ýokary hilli harytlary ýa-da amatly hyzmatdaşlyk şertlerini hödürleýän üpjün edijiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagy.

Her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden 200 müňden gowrak adam sergä gatnaşýar, olaryň 80% hytaýly satyjylar bilen girdeji gazanmak üçin gelýärler.

Has giňişleýin maglumat üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýüz tutmaly.

Telefon:+99312 39-88-38.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň