Soňky habarlar

Arhiw

Şöhrat Söýünow «Ahala» gaýdyp geldi

11:2330.03.2021
0
5899

Şu ýyl AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşjak «Ahal» goragyny tejribeli futbolçy Şöhrat Söýünow bilen güýçlendirdi. 29 ýaşly goragçy «Ahalyň» düzüminde ikinji gezek çykyş eder diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Mundan öň ol Ahal welaýatynyň toparynda 2019-njy ýylda futbol oýnapdy.

Şöhrat Söýünow geçen möwsümi Malaýziýanyň PDRM toparynda geçirdi. Ol topary bilen 11 duşuşyga gatnaşdy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynda 32 duşuşyk geçiren goragçy futbolçylarymyň gazanan üstünlikli hasaplaryna uly goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň