Türkmenistanda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugy dörediler

23:5026.03.2021
0
11447

Hökümetiň 26-njy martda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini kämilleşdirmek, hususan-da, bu ministrligiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda binagärlik-şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, sebitleri ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça iri möçberli taslamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar.

Wise-premýer Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilmegi boýunça işleriň möhümdigini belläp, ähli ugurdaş düzümleriň sazlaşykly özara hereketi hem-de möhüm gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler bilen baglylykda, Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugynyň işiniň gurallarynyň düýpli öwrenilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany bu meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň