Soňky habarlar

Arhiw

«Ak hünji» hususy kärhanasy öz önümleri bilen sergä gatnaşar

19:2416.03.2021
0
9565

17 ― 18-nji martda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guraljak sergä Mary welaýatynda ýerleşýän «Ak hünji» hususy kärhanasy öz öndürýän önümleri bilen gatnaşar.

Bu hususy kärhana Türkmenistanda polistiroldan (EPS) ýylylyk izolýasiýa we bezeg gurluşyk materiallaryny, şeýle hem sendwiç panellerini öndürmekde tanalýar. «Ak hünji» hususy kärhanasynyň hil taýdan kepillikli, ekologik taýdan zyýansyz, ulanyşda berk we tygşytly häsiýete eýe bolan önümlerine penoplast önümleri, sendwiç paneller, skobalar, sürteç, faýllar, polipropilen listler, GPPS, gaplama önümleri degişlidir.

Kärhananyň öndürýän skobalary metallary birleşdirmek üçin ulanylýan, iki uçly, metaldan ýasalan berkidijidir. Olar kanselýariýa, reklama bannerlerinde we mebelleriň düzüminde ulanylýar. Ildeşlerimiziň arasynda uly islegden peýdalanýan demir sürteçler inçe poslamaýan polatdan ýasalyp, olar gap-gaçlary arassalamak üçin oňaýly we eller üçin howpsuzdyr.

Bu ýerde öndürilýän A4 ölçegdäki faýllar resminamalary we kagyzlary salmak üçin ulanylyp, olar hapalanmakdan we mehaniki zeperlenmeden goramak üçin niýetlenilen plastiki we reňksiz kanselýariýa saklaýjylarydyr.

Sergide «Ak hünji» hojalyk kärhanasynda öndürilýän önümleriň ählisi bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň