Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi

19:3526.02.2021
0
943

Kanadanyň Kwebek welaýatyndaky Megpaý derýasyna ýuridik şahs hukugy berildi. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurduň Hökümeti, Daşky gurşawy goramak ministrligi we «Innu etnik» toparynyň agzalary derýany Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasyndan  goramaklygy baş maksat edinýär. Bu barada  «CTV News» web sahypasy habar berýär. 

Derýa ýuridik şahs hukugyny bermeklik hakyndaky karar Kanada ilkinji gezek kabul edildi. Bu kararyň kabul edilmegi Täze Zelandiýada 2017-nji ýylda kabul edilen şuňa meňzeş karara esaslandy. Şol döwürde Maori taýpasynyň

Wanganui derýasyna ýuridik şahs hukugyny bermeklik baradaky teklibi Täze Zelandiýanyň Hökümeti kanagatlandyrylypdy.

Indi Kanadadaky Megpaý derýasynyň ýörite hukuklary bar. Bu hukugy goramaklyk  bu derýanyň kenar ýakasynda ýaşaýan adamlaryň hossarlygy astynda amala aşyrylar. 

Kanadaky Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasy ýurduň Megpaý derýasynda bent gurmaklyk isleýändigini mälim edeninden soň, bu derýa ýuridik şahs hukugy berildi. Ýöne,

Kanadanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Gidro-Kwebek gidroelektrik kompaniýasynyň ýurduň daşky gurşaw kanunlaryndan ýüz öwürmeginden aladalanýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň