Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň eminleriniň Aşgabatdaky okuw-türgenleşigi tamamlandy

11:3124.02.2021
0
3705

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda TFF-niň eminleriniň gatnaşmagynda täze möwsümiň öňüsyrasy ýörite okuw türgenleşik ýygnanyşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň çempionatydyr, ýaşlar birinjiliginiň hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşda eminlik edýän ýerli eminlerimiziň gatnaşmagyndaky okuw ýygnanyşygynyň gözükdirijisi hökmünde ýerli hünärmenler Allabergen Sapaýew, Wadim Baratow hem-de Maksan Seýitgulyýew çykyş ederler.

Okuw ýygnanyşygynyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe sapaklaryna gatnaşyp, FIFA-nyň düzgünnamasyna laýyk gelýän ýörite synaglardan geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň