Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi Berlindäki ýadygärlige gül goýmaga gatnaşdy

22:1323.02.2021
0
7245

Şu gün Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Berliniň Tirgarten bagyndaky ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýadygärlik Sowet esgerleriniň hatyrasyna gurlandyr.

RIA Nowostiniň habaryna görä, dabara Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Şeýle hem nemes syýasy partiýalarynyň, «Russiýanyň serkerdeleri» jemgyýetçilik guramalarynyň, Brandenburgdaky german-rus dostluk jemgyýetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Duşuşyga Berliniň ýaşaýjylary, ruhanylaryň wekilleri, žurnalistler hem gatnaşdy. Ýadygärlige güller goýlanda bu dabara golaýdaky ýoldan geçip barýan ulaglaryň sürüjileri hem singal bermek bilen goşuldylar.

2021-nji ýylda Faşitsik Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozanyna 80 ýyl dolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň