Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýçli aýazlara garaşylýar

18:3022.02.2021
0
41436

Russiýanyň Ýewropa böleginden gelýän demirgazyk-günbatar sowuk akymy Türkmenistanyň çägine hem ýakynlaşýar. Geçen hepdedäki tomusdan galan gyzgyn howadan soň ýurtda howanyň derejedesi ýuwaş-ýuwaşdan ýene-de ortaça temperaturalara geldi. Synçylaryň pikirine görä, öňümizdäki günlerde sowuk howa bilen bi hatarda ýagyşdyr gar hem ýagar.

Sowuk howa uzak dowam etmez, ýöne tutuş ýurtda howanyň derejesi ep-esli peseler. Şeýlelikde, paýtagtda 23 ― 24-nji fewral aralygynda howa -8 gradusa çenli sowar. 4 santimetr galyňlygynda garyň hem ýagmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatyndaky aýaz bolsa -18 gradusa çenli ýeter. Howa Balkan welaýatynda -15, Ahalda -12 gradusa çenli sowar. Howanyň sowuklygy Maryda -12, Lebapda -9, welaýatyň demirgazyk etraplarynda -15 gradusa baryp ýeter.

Sowuk günler üç günden köp dowam etmez. Eýýäm 27-nji fewralda ýene ýylap başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň