Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa aýallary we maýyplary Aýa iberýär

17:2718.02.2021
0
906

Bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «ESA» diýlip atlandyrylýan Ýewropa Kosmos gullugy  Aýa ugratmaklyk üçin 26 sany täze kosmonawty taýýarlaýar, soň bolsa olary Marsa ibermegi meýilleşdirýär.

Ýewropa Kosmos gullugy Aýa ugradylýan işgärleriniň arasynda aýallaryň we maýyp adamlaryň has köp bolmaklygyny isleýär.

Täze kosmonawtlary çekmek prosesi soňky 11 ýylda ilkinji gezek dowam etdirilýär we kosmos ekspedisiýalarynyň täzeden güýje girmegi hökmünde ykrar edilýär.

Bäsleşik maksatnamasy 2022-nji ýylyň güýzüne çenli dowam eder. Maýyp adamlary kosmos işine çekmeklik mümkinçiligi täze tehnologiýalaryň kömegi bilen ýüze çykdy.

Italiýaly kosmonawt Samanta Kristoforetti: «Kosmosda işlemek barada aýdylanda, hemmämiz maýypdyrys. » – diýip belleýär.

Täze kosmonawtlardan magistr derejesi we ylym, inženerçilik, matematika ýa-da kompýuter ylymlary boýunça üç ýyl tejribe, şeýle hem synaglara psihologiki taýýarlyk talap edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň