Top.Mail.Ru

Türkmenistanda «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk dünýä metbugatynda

23:3307.02.2021
0
51400

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy fewralda «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi ― diýip, TDH ýazýar.

“Taliban” hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen bu taslamalaryň amala aşyrylmagyny doly goldaýandyklaryny beýan etdi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen bu habary iri halkara täzelikler agentlikleri hem çap etdiler we olar tizden-tiz maglumat giňişligine ýaýrady.

Dürli neşirler hem bu habary teswirlediler, ony ugurdaş maglumatlar we bu wakanyň taryhy bilen baýlaşdyrdylar. Mysal üçin, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ozallar mümkin däldigi baradaky pikirleriň bolandygyny belläp geçdiler. Şeýle pikirler, ozaly bilen, tutuş sebit üçin howpa eýe bolan Owganystanyň içindäki durnuksyzlyk zerarly peýda bolupdy.

«France-Presse» agentligi Aşgabatda geçirilen gepleşikler baradaky çap eden makalasynda bu duşuşykdan soňra «Taliban» hereketiniň wekili tarapyndan ýerleşdirilen twitteriň tapgyrynda hem “iki ýurduň serhetlerinde howpsuzlyk” barada ýatladýar.

Bu fransuz habarlar agentligi geçen aýda Türkmenistan bilen Owganystanyň ulag, energetika we kommunikasiýa gatnaşyklarynyň täze ugruny açandyklaryny, munuň bolsa gapma-garşylyklar zerarly örän çuňňur çökgünlige düşen Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy baradaky netije bilen makalanyň üstüni ýetirýär.

Şeýle hem bu mowzuga «Eurasianet», «Killid Group» radioýaýlymlar we žurnallar tkg.af saýty, «News Central Asia» ýaly dürli neşirler ýüzlendiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň