Gazagystanyň döwlet garaşsyzlygyny esaslandyryjy Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2017-nji ýyldaky kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçmek baradaky ädiminden soň, ýurduň täze latyn elipbiýi düýn Premýer-ministr Askar Mamin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Milli komissiýanyň mejlisinde tanyşdyryldy.
Gazagystanyň dilçi alymlary 2017-nji ýyldan bäri Latyn elipbiýini özleriniň milli dil aýratynlyklarynyň esasynda öwrenmeklik bilen möhüm ädim ätdiler.
Gazak hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan täze latyn elipbiýi 28-nji ýanwarda bolup geçen täze elipbiý boýunça Milli komissiýanyň mejlisinde tanyşdyryldy.
42 harpdan ybarat we 80 ýyl töweregi wagt bäri ulanylýan Gazakça kiril elipbiýini terk eden ýurt, milli dil aýratynlyklaryna laýyklykda täze latyn elipbiýine geçmeklik bilen 31 harp ulanar.
Gazagystanyň tutuş ähli sebitinde döwlet nyşanlaryndan başlap, okuw kitaplaryna çenli, ýurduň hemme pudaklarynda, döwletiň resmi iş kagyzlarynda täze gazak elipbiýini durmuşa geçmekligi resmi taýdan 2025-nji ýyla çenli tamamlamaklyk meýilleşdirilýär.
Gazagystanda latyn elipbiýi 1929 – 1940-njy ýyllar aralygynda-da ulanylypdy, ýöne soň kiril elipbiýine üýtgedildi.
