Keniýany çekirtge sürüsi basdy

18:2322.01.2021
0
2157

Keniýanyň birnäçe sebitini Efiopiýadan we Sudandan gelen çöl çekirtgeleriniň sürüleri basdy. Hökümet çekirtge sürüleriniň ýurda birnäçe zeper ýetirendigini göz öňünde tutup, degişli çäreleriň görülýändigini, ýöne howpuň entek geçmändigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FOA) berýän habaryna görä, Gündogar Afrika ýurtlaryna çozan çekirtgelere garşy göreşmek üçin 38 million dollar gerek bolar.

FOA-nyň bellemegine görä, bu çekirtge sürüleriniň Efiopiýanyň, Keniýanyň we Somaliniň dürli ýerlerine ýaýrap başlandygyny we şu aýyň ahyryna çenli Günorta Sudana, Tanzaniýa we Uganda baryp ýetjekdigini duýdurdy.

Azyk howpsuzlygyna uly howp döredýän çekirtge sürüleri geçen ýyl sebitde ýüzlerçe müň gektar oba hojalygyna zeper ýetirdi. Berilýän maglumata görä, bir inedördül kilometrde 40-80 million çekirtge bolup, bular bir günde 35 müň adama ýeterlik iýmiti sarp edýärler. Çekirtge sürüleri her gün 150 kilometrden gowrak ýol geçýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň