Soňky habarlar

Arhiw

Arslan Aýnazarow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy

19:5120.01.2021
0
9255

Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdaky hasabat-saýlaw Konferensiýasy geçirildi. Onuň dowamynda TFF-niň wekilleri geçen döwürde alnyp barlan işler barasynda gatnaşyjylaryň öňünde hasabat bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ondan soň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Başlygynyň täze möhlete saýlanmagy bilen bagly saýlaw geçirildi. Onuň netijesinde bu wezipä biragyzdan Arslan Aýnazarow saýlanyldy.

Bu wezipä saýlanandan soň çykyş eden Arslan Aýnazarow özüne bildirilen uly ynam üçin gatnaşyjylara sagbolsun aýtdy: “Konferensiýanyň işini jemlemek bilen ähli delegatlara we myhmanlara minnetdarlyk bildirýärin hem-de Türkmenistanda futboly ösdürmek boýunça alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde bimöçber goldaw berýän türkmen sportunyň hak-howandary hormatly Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýärin”.

Şeýle-de, Konferensiýanyň dowamynda TFF-niň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň