Didar Durdyýew «Kokand 1912»-niň düzüminde türgenleşýär

00:2915.01.2021
0
5439

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 27 ýaşly hüjümçisi Didar Durdyýew Özbegistanyň «Kokand 1912» futbol toparynyň düzüminde türgenleşýär. Toparyň resmi saýty türgenleşiklerden suratlary hem paýlaşdy.

Didar Durdyýewiň soňky futbol oýnan topary «Maşal» bolupdy. Onuň topar bilen şertnamasy 2020-nji ýylyň awgust aýynda ýatyryldy. Ol «Maşalyň» düzüminde 5 duşuşyga çykdy.

«Kokand 1912» Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Kokand şäherine wekilçilik edýän topar. Özbegistanyň iň ýokary ligasy bolan Superligada ýaryşýan «Kokand 1912» geçen ýyl 14 toparyň arasynda bäşinji orny eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň