Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.
Kärhananyň taýýarlan tehniki duzlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar.