Soňky habarlar

Arhiw

“Hyjuwly Laçyn” köpugurlylygy ýokarlandyrýar

17:0320.12.2020
0
11730

“Hyjuwly Laçyn” hususy kärhanasy, Aşgabadyň we ýurduň beýleki şäherleriniň ilatyna gozgalmaýan emläk we kadrlar agentliginiň hyzmatlaryny, şeýle hem hususy ipoteka gurluşygyny hödürleýär.

“Hyjuwly Laçyn” on ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda öz hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Ilki başda kompaniýanyň işi gozgalmaýan emläk we gurluşyk bilen çäklenýärdi, soňra “Hyjuwly Laçyn” işgärleri saýlamak pudagyny has-da özleşdirip başlady.

Mundan başga-da, “Hyjuwly Laçyn” “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bilen bilelikde jaýlary we kottejleri “açara çenli” gurluşygy boýunça taslamalary 10 ýyllyk ipoteka bilen karzyna durmuşa geçirýär.

“Hyjuwly Laçyn”-yň alyp barýan işleriniň soňky ugurlarynyň  biri hem resminamalary professional terjime etmekdir.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň