Top.Mail.Ru

Türkmenistan AÖB bilen täze taslamalary durmuşa geçirer

23:4617.12.2020
0
4604

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady integrasiýasyna oňyn täsir etmäge we ýewraziýa giňişliginde durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy barada nygtalyp geçildi. “Demirgazyk–Günorta” demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň