Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

23:4710.12.2020
0
10667

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda gurluşyk ulgamyndaky we senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna garaldy hem-de bu ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Iş maslahatynda:

― gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly ykdysady ösüşini üpjün etmek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

― milletiň Lideriniň ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de türkmen elektroenergiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

― Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini, binalary we desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler;

― himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler;

― senagat önümleriniň sanawyny artdyrmak hem-de olaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler;

― şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze şäherleri we obalary, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmagyň depginini güýçlendirmek maksady bilen görülýän çäreler bilen bagly meselelere seredildi

Biz ýubileý ýylynda göz öňünde tutulan ähli desgalary bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermelidiris diýip, döwlet Baştutany aýtdy we toplumyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň senagata, energetika we himiýa pudaklaryna uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýy nazara almak bilen, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini we girdejilerini artdyrmak tabşyryldy. Toplumyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň möçberini artdyrmak zerurdyr diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak üçin degişli çäreleri görmek barada zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Importyň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligi artdyrmak, elektron senagatynda täze önümleriň önümçiligini giňeltmek barada hem degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda we beýleki maksatnamalarda hem-de meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň, gurluşyk işleriniň ýerli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milletiň Lideri halkara tejribesinden ugur alyp, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemeklerini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek arkaly önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, importyň ornuny tutýan ýerli önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak möhümdir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemek usullaryny gözläp tapmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany energetika we himiýa pudaklarynyň ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň