Soňky habarlar

Arhiw

«Sinalco» Täze ýyl mynasybetli baýrakly aksiýa başlady

10:0207.12.2020
0
21380

Sinalco şu gün – 7-nji dekabrda, Täze ýyl mynasybetli geçirýän baýrakly aksiýa marafonyna dürli sowgatlaryň çekilmegi bilen başlady. 

Baýrakly aksiýada 30 müňden gowrak sowgat –  şol sanda Sinalco içgileri, futbolkalar we kompaniýanyň nyşany bolan beýleki ýadygärlik sowgatlary, şeýle-de kir ýuwýan maşynlar we telewizorlar ýaly has uly baýraklar bar.

Baýrakly aksiýa ýurdumyzyň ähli raýatlary gatnaşyp biler. Bu ýaryşa gatnaşmaklyk üçin islendik Sinalco markaly içgiden üç sany gyzyl gapak ýygnamaklyk we ony bu önümleriň satylýan islendik söwda nokadyna hödürlemeklik ýeterlikdir. Sinalco önümleriniň satylýan söwda nokadynda bolsa  üç sany gyzyl gapagyň deregine skretç kart berler. Ýeňiş gazanyp-gazanmandygyňyzy bilmeklik üçin, skretç kartdaky degişli gorag zolagyny pozmaly. Ýeňiş gazanan halatyňyzda baýrak gowşurylýan ýere ýüz tutuň.

Ýaryş üçin ýörite nokatlaryň jemi on ýedi sanysy – Aşgabatda we onuň töwereklerinde, Mary we Lebap welaýatlarynda iki sanysy, Balkan welaýatynda bolsa  biri hereket edýär. Mundan başga-da, Sinalco Täze ýylyň öňüsyrasynda çagalar üçin gyzykly boljak «Sinalco YT» mobil programmasyny işe girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň