UEFA Çempionlar ligasynda “H” toparçada 1/8 finalda çykyş etjek toparlar soňky oýunlara galdy. Köp golly geçen 5-nji oýunlaryň netijesinde 3 toparyň 9 utugy bar. Düýnki oýunlarda PSŽ myhmançylykda “Mançester Ýunaýtedi” 3–1 hasabynda ýeňdi. Parižlilere ýeňiş getiren gollary Neýmar (6, 90+1) bilen Markinios (69) derwezä girizdi. Şunlukda, PSŽ hem utugyny 9-a ýetirdi. “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda PSŽ-den 2-nji gezek ýeňlip, şu möwsümde “Old Traffordda” oýnan 8-nji duşuşygynda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Het-trik ýeňşe ýetmedi
7 goluň geçirilen oýnundan “Leipsig” myhmançylykda “Istanbul Başakşehiri” 4-3 hasabynda utdy. Türk toparyndan Irfanjan Kahwejiniň het-trigi (45+3, 72, 85) ýeňşe ýeterlik bolmady. Kahweji bu ýaryşda het-trik eden 4-nji türk futbolçysy boldy. Nemes topary Poulsen (26), Mukiele (43), Olmo (66) hem-de Sorlotyň (90+2) gollary bilen ýeňiş gazanyp, utugyny 9-a çykardy. Şeýlelikde, 9 utukly toparlar – “Mançester Ýunaýted”, PSŽ hem-de “Leipsig” 1/8 finala çykmak ugrunda ýiti göreş alyp barýar. Özara oýunlara seredenimizde PSŽ 2 topardan hem üstün çykmagy başardy.
Toparçadaky 6-njy duşuşyklarda PSŽ öz meýdançasynda “Istanbul” Başakşehiri kabul etse, “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Leipsig” bilen duşuşar.