Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gyş paslynyň başlanýan hepdesiniň howa maglumaty

11:4130.11.2020
0
28742
Türkmenistanda gyş paslynyň başlanýan hepdesiniň howa maglumaty

Howa maglumatynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda gyşyň başlanýan  hepdesi ýagyşly we garly bolar.

Ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyz Aşgabada demirgazyk-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna we hepdäniň ahyrynda howanyň pes temperaturaly bolmagyna garaşylýar.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1 gradusdan +3...+8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5...+10 gradus maýyl bolar.

Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-6 gradus sowukdan 0...+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1...+6 gradusdan +9...+14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7 gradus sowukdan +1...+6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+7 gradusdan +10...+15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7 gradus sowukdan 0...+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+5 gradusdan +11...+16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5...-10 gradus sowukdan -4...+1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0...-5 gradus sowukdan -1...+4 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4 gradus sowukdan +1...+3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5 gradusdan +9...+11 gradus aralygynda maýyl bolar.

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak maslahat berilýär!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň