Soňky habarlar

Arhiw

12-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy

15:1928.11.2020
0
646

Häzirki wagtda şikesli bolan 2 hepde töweregi duşuşyk geçirip bilmejek “Milanyň” şwesiýaly ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç ýurdunda ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy. Ol bu hormata 12-nji gezek laýyk görüldi. “Guldbollen” baýragyny ilkinji gezek alan 39 ýaşly Ibrahimowiç 2007-20016-njy ýyllara aralygynda yzly-yzyna 10 gezek bu hormata mynasyp boldy. Umumylykda 12-nji gezek arzyly baýragy alan Ibrahimowiç bu ugurda rekord goýdy. Ol şu möwsümde Milanda çempionatda 10 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň