Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Ligasynda 4 topar 2-nji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy

19:2627.11.2020
0
1293

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklar oýnaldy. Geçirilen bu oýunlardan soň, “Roma”, “Arsenal, “Lester Siti” hem-de “Hoffenhaým” klublary wagtyndan öň 1/16 finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Şeýle-de “SSKA Sofiýa”, “Dandolk”, “Riýeka”, “Seltik”, “Garabag”, “Ludogores”, “Gent” toparlarynyň ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi galmady. Toparçalardaky 5-nji oýunlar 3-nji dekabrda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň