Soňky habarlar

Arhiw

“Bawariýa” 1/8 finala çykdy, Lewandowski Rauldan öňe saýlandy

16:4626.11.2020
0
434
“Bawariýa” 1/8 finala çykdy, Lewandowski Rauldan öňe saýlandy

UEFA Çempionlar ligasynda “A” toparçada öz meýdançasynda “Red Bull Salsburgy” 3-1 hasabynda ýeňen “Bawariýa” 1/8 finala adyny ýazdyrdy. Tälimçisi Hans Flikiň ýolbaşçylygyndaky ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan “Bawariýanyň” gollaryny Lewandowski (43), Koman (52) hem-de Sane (68) derwezä girizdi. Yzly-yzyna 15 oýunda ýeňiş gazanan “Bawariýa öz rekordyny ösdürdi.  Duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Robert Lewandowki Çempionlar ligasyndaky 94-nji oýnunda 71-nji goluny geçirdi. Ol bu ugurda Rauldan (71 gol, 142 oýun) öňe saýlanyp, Ronaldo we Messiden soň 3-nji hatarda barýar. Toparçadaky beýleki oýunda “Atletiko Madrid” bilen “Lokomotiw Moskwanyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady. Toparçada 2-nji ýer eýelemek ugrunda 3 toparyň arasynda-da ýiti göreş bolup, häzirlikçe “Atletiko” bir ädim öňde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň