Ýakyn wagtda Türkmenistanyň goldaw bermegi netijesinde goňşy doganlyk halk bolan Owganystan döwletinde 500 adamlyk metjit açylyp ulanylmaga berler. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
2018-nji ýylyň noýabr aýynda Akina şäherinde metjidiň gurluşygyna başlanypdy. Desganyň gurluşyk işlerini ýurdumyzda ýerleşýän Mazari-Şerifdäki konsullygynyň buýurmasy boýunça "Ghazanfar Construction" şeýle-de "Road Work Rail Way Construction Material P.CO" owgan kompaniýalary amala aşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan goňşy döwlete birnäçe ynsanperwer goldawlaryny amala aşyrýar. Bulardan başga-da türkmen tarapynyň goldawy bilen Owganystanyň Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa bäbekhana gurup ulanmaga berdi.