Top.Mail.Ru

Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy

13:0221.11.2020
0
2319

Tebigatda ýokary basyş we gyzgynlyk netijesinde ýüzlerçe ýylyň dowamynda emele gelýän göwher daşy laboratoriýa şertlerinde ýasaldy. “Phys.org” saýtynyň habaryna görä, Milli Awstraliýa hem-de RMIT uniwersitetleriniň hünärmenleri otag temperaturasynda iki görnüşli göwher ýasadylar. Bu barada “Small” žurnalynda ylmy makala çap edildi. Göwherleriň biri nika ýüzüklerindäkilere meňzeş. Beýlekisiniň tebigatda duş gelýän, hrustal gurluşly, altyburç şekilli diýlip atlandyrylýan “Lonsdaleite” göwheridigi mälim edildi. Adatça, göwher millionlarça ýylyň dowamynda ýokary basyşly we aşa gyzgyn şertlerde, Ýeriň belli bir çuňlukdaky gatlagynda emele gelýär. Emeli usulda gymmat bahaly göwher daşyny ýasamak üçin başga taslamalar hem durmuşa geçirilýär. Mundan ozal hytaýly hünärmenler hem şeýle göwheri döredendiklerini mälim edipdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň