Golliwudyň meşhur ýyldyzy, aktrisa hem režissýor Anjelina Joliniň täze filmi belli boldy. Owadan aktrisa söweş fotožurnalisti Don MakKulliniň ömür-döredijiligi baradaky filme režissýorlyk eder. şOl bir wagtyň özünde “Unreasonable Behaviour” atly bu film belli aktýor Tom Hardi prodýuserlik eder. Soňky gezek “Olar ilki meň kakamy öldürdi” atly filmi surata düşüren Anjelina Joliniň täze filminde iňlis fotožurnalisti Don MakKulliniň keşbini kimiň janlandyrjakdygy häzirlikçe belli däl. Ýöne Tom Hardiniň çykyş etmegi hem mümkin diýip, habarda bellenilýär. Film häzirki wagtda 85 ýaşynda bolan Don MakKulliniň öz awtobiografik kitaby esasynda surata düşüriler.
Soňky habarlar
Arhiw
Anjelina Joliniň nobatdaky filmi belli boldy
18:5320.11.2020
0
1013
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň