ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň 768 sahypadan ybarat bolan «A Promised Land» – «Wada berlen toprak» atly ýatlama kitaby 17-nji noýabrda çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetiriler.
Awtor CNN tarapyndan neşir edilýän bu kitabynyň başynda 2009 – 2017-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň prezidenti bolup işlän döwründe özi bilen bile işleşen dünýä liderleri barada gyzykly maglumatlar berýär. Bu barada CNN habar berýär.
Obama öz kitabynda syýasata, başgaça aýdylanda gündelik kynçylyklaryna salgylanýar. Aýaly Mişele söz berendigi sebäpli çilimi taşlan Obama, prezidentlik wezipesinde duş gelýän kynçylyklar sebäpli bu endige gaýdyp gelendigini boýun alýar.
Ol günde 8-10 çilimi gizlinlikde çekýändigi, ýöne gyzy Maliýa tutulanyndan soň, aýaly bilen arasynyň açylandygy barada-da özüniň täze kitabynda beýan edýär. Iki gyzyň kakasy bolan Obama öz ýatlama kitabynda bu wakanyň şondan soň, özüniň prezidentlik döwründäki durmuşynyň nikadaky dartgynlygyny artdyrandygyny we aýaly Mişel bilen aýrylyşandygyny belleýär.
Barak Obamanyň «A Promised Land» – «Wada berlen toprak» atly ýatlama kitabynda beýan edilýän bu wakalar barada bu kitaby neşir edýän CNN habar berýär.
