Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

17:3413.11.2020
0
11342

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli, sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Ýeňil atletika federasiýasynyň, şeýle-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çempionata ýeňil atletika sporty bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky işdeşlerimiziň 120-den gowragy gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýaryşyň netijesine laýyklykda, uzynlyga bökmek boýunça erkekleriň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Bagrat Gasanbekow birinji, Mary welaýatynyň Mary gaz çykaryş müdirliginiň işgäri Eziz Sähetnyýazow ikinji, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgäri Hydyr Mollaýew üçünji, zenanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Irina Welihanowa birinji, Jennet Muhamowa ikinji, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Aziza Baltaýewa üçünji orny eýelediler.

Ýeňil atletika sportunyň 60 metr aralyga ylgamak boýunça birinji orny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Alişer Sadulaýew, ikinji we üçünji orunlara degişlilikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyplary Lukman Gurbandurdyýew bilen Begenç Ilamanow mynasyp boldular. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijesinde öňdäki orunlara Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň sport klubunyň türgeni Walentina Meredowa, Aşgabat şäheriniň 81-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Maýsa Şageldiýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýekaterina Ýazmuradowa mynasyp boldular.

200 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň esgeri Elnur Öwezow birinji, Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ruslan Gluşkow ikinji, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Mekan Agamyradow üçünji orunlary eýelediler. Zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Enejan Esedowa birinji, Aýlar Babamyradowa ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Eneş Ballyýewa üçünji orna mynasyp boldular.

400 metr aralyga ylgamak boýunça erkekleriň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby Aganepes Orazow birinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Ezizhan Guşşaýew ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Umyt Täçkulyýew üçünji orna, şol ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzlary Kristina Bersenýowa bilen Waleriýa Kagramanowa zenanlaryň arasynda 400 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşda degişlilikde, birinji we ikinji orunlary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň goşun-sport klubunyň türgeni Olena Hudaýbergenowa üçünji orny eýelemegi başardylar.

Ýurdumyzyň ýeňil atletika boýunça geçirilen açyk çempionatynda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Ýeňil atletika federasiýasy tarapyndan Hormat hatlarydyr medallar, birinji orna mynasyp bolan türgenlere kuboklar, şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň