Soňky habarlar

Arhiw

“Tesla” bazardaky öňdeligini saklaýar

23:2330.10.2020
0
697

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürmek bilen meşgullanýan “Tesla” kompaniýasy soňky maglumatlara görä, bazaryň 18 göterimini eýeleýär. Bu görkeziji her bäş elektroulagdan tas biriniň bu kompaniýa degişlidigini görkezýär. TSLA ady bilen Nýu-Ýorkuň NASDAQ biržasynda paýnamalaryny hödürleýän kompaniýanyň esaslandyrylanyna o diýen köp wagt geçmedik hem bolsa, beýleki iri kompaniýalar bilen bäsdeşlik edýär. Amerikan brendiniň üstünlik gazanmagyna “Model 3” we “Model Y” modelleriniň satuwa çykarylmagynyň täsiri uly bolupdyr. Häzirki wagtda bu iki ulag iň köp isleg bildirilýän elektroulag modelleri hasaplanýar. Kompaniýa “Model S” we “Model X” atly ulaglary hem hödürleýär. Dürli klasa degişli elektrokarlar kompaniýanyň bäsdeşlik mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri “Tesla” jemi 316 820 ulag satypdyr. Bu görkezijini 65 814-i diňe sentýabr aýynda müşderilere ýetirilipdir. Ikinji ýeri bolsa “Volkswagen” kompaniýasy eýeleýär. Nemes brendi şu wagta çenli 113 091, sentýabr aýynda 24 035 elektroulag satypdyr. Sanawyň üçünji ornuny Hytaýyň BYD kompaniýasy eýeläpdir. 10 aýyň dowamynda bu brende degişli 104 176 ulag satylypdyr. Dördünji orny eýeleýän BMW-niň 101 270 elektroulagy satylypdyr. Ýylyň başyndan bäri satylan elektromobilleriň umumy sany 1 million 784 müň 293 bolupdyr. Dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän 20 töweregi şereket bar.

Elektroulag satuwy az hem bolsa, bu ulaglaryň önümçiligi we satylyşy çalt depginler bilen ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň