Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öndürilen polietilene Ýer ýüzünde isleg artýar

13:2127.10.2020
0
16164

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilen polietileniň satuwy ep-esli artdy.

Halkara garaşsyz «ARGUS MEDIA» agentliginiň habaryna görä, şu ýylyň sekiz aýynda TDHÇMB-niň söwdalary arkaly 128,5 müň tonna polietilen satyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93,3 müň tonna köpdür. Şeýlelikde, Hytaýa, Türkiýä, Russiýa we beýleki ýurtlara eksport edilýän bu önümlere bolan isleg takmynan 3,7 esse ýokarlandy.

Global seljeriş kompaniýasy ICIS-iň habaryna görä, awgust aýynda Türkmenistan Türkiýäni pes dykyzlykly polietilen bilen üpjün edijileriň ilkinji üçlügine girdi. Agzalýan döwürde Türkiýe biziň ýurdumyzda 7 müň tonna polietilen satyn aldy. Ýokary dykyzlykly polietileniň köp mukdaryny sentýabr we oktýabr aýlarynda Türkiýe, Hytaý, Owganystan, Pakistan, Hindistan ýaly döwletlerden gelen işewürleriň satyn alandyklaryny ýatladýarys.

Mälim bolşy ýaly, Gyýanlydaky polimer zawody 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi. 

Koronawirus pandemiýasy döwründe dünýä ykdysadyýetindäki kyn ýagdaý sebäpli, plastmassa bolan isleg azaldy. Tersine, saglygy goraýyşda, azyk senagatynda we söwdada polimer önümlerine bolan isleg artdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň