47 ýyldan soň ilkinji ýeňiş

11:3126.10.2020
0
1047

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 6-njy tapgyrda “Arsenal” öz meýdançasynda “Lester Sitiden” 1-0 asgyn geldi. Myhmanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 80-nji minutda oýna soň goşulan Jeými Wardi derwezä girizdi. Bu gol Wardiniň “Arsenalyň” derwezesinden geçiren 11-nji goly hökmünde hasaba alyndy (12-nji oýnunda). “Arsenalyň” derwezesinden şu wagta çenli “Premier Ligada” iň köp gol geçiren futbolçy Weýn Runidir (12). Şeýle-de “Lester Siti” 47 ýyldan soň, ilkinji gezek “Arsenaly” myhmançylykda ýeňmegi başardy. Olar soňky gezek 1973-nji ýylda “Arsenaly” Londonda ýeňipdiler.

Angliýanyň “Premier Ligasynyň” 6-njy tapgyrynda “Liwepul” öz meýdançasynda “Şeffild Ýunaýtedi” 2-1 ýeňdi. Sanawyň lideri “Ewerton” bolsa, myhmançylykda “Southemptondan” 2–0 asgyn gelip, ilkinji gezek utuldy. Şeýle-de bu tapgyra çenli hiç hili ýitgisiz barýan “Aston Willa” öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedden” 3-0 utuldy. Tapgyryň merkezi oýnunda – “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsiniň” arasyndaky duşuşykdan gol sesi eşidilmedi (0-0). “West Ham” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Mançester Siti” utuk ýitirmegini dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň