Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki türkmen talyby Almaz Seýidow Instagram howpsuzlygynyň gowşak tarapyny tapyp, 10000 dollar gazandy

13:5222.10.2020
0
97612

Takmynan mundan 1,5 ýyl ozal Türkmenistandan Türkiýä ýokary bilim almak üçin giden we häzirki wagtda Sakarýa uniwersitetiniň talyby bolup okap ýören 22 ýaşly Almaz Seýidow Instagramyň howpsuzlygynyň gowşak tarapyny tapdy.

Almaz Seýidow Instagram programmasynyň hünärmenlerine özüniň bu platformada tapan howpsuzlyk gowşaklygynyň sebäbini düşündirdi we  ýalňyşlyklary gysga wagtda düzetmelidigini aýtdy.  Netijede, Almaz Seýidow özüniň açan bu açyşy üçin kompaniýa tarapyndan 10 müň dollar we minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.

Almaz Seýidow platformada tapan howpsuzlygyň gowşak tarapyny düşündirip: «Instagrama göz aýlaýarkam ulgamyň gowşaklygyny gördüm.  Jemgyýetçilik sahypalarda howpsuzlyk ýalňyşlyklarynyň bardygyny gördüm we gözläp başladym. Gözleglerimiň netijesinde ýüze çykan gowşaklygy subut etmek üçin meşhur futbolçy Miralem Piýaniçiň Instagram sahypasyna girdim. Futbolçynyň internet sahypasyndan suratlarynyň birnäçesini haladym we ýatda sakladym. Şeýdip, tapylan howpsuzlyk ýalňyşlygyny subut edip bilerin öýdüpdim» – diýdi. Meşhur futbolçy Piýaniçiň Instagram sahypasy barada  teswir beren Almaz Seýidow: «Türkiýede meşhur adamlar pandemiýa döwründe ýygy-ýygydan öz sahypalaryndan göni ýaýlyma çykýardylar.  Zeýnep Bastyk we Şafak Sezer ýaly meşhur adamlaryň göni ýaýlymlaryna gatnaşdym we degişme üçin birnäçe teswir ýazdym. Bu ýerdäki maksadym adamlara internet sahypasynda bidüzgünçiligiň bardygyny görkezmekden ybaratdy. Hut şu nukdaýnazardanam, bu ugurdaky gözleglerimi dört aý dowam etdirdim. Ýöne, Instagram sahypamda hiç haçan zyýanly amal etmedim, bu barada hemme kişiň bilmeklerini isleýärin.»  – diýip belledi.    

Ulgamyň gowşaklygynyň aradan aýrylmagyny talap eden Almaz Seýidow: «Bu howpsuzlyk ýalňyşlygynyň gysga wagtda ýapylmagy zerurdyr. Ulanyjylaryň şahsy instagram sahypalary bihepbe adamlaryň eline düşse, dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner. Takmynan 6 aý öň «Apple»-de säwlik tapdym. Bu barada derrew «Apple» kompaniýasyna habar berdim we ýalňyşlygy ýok etdim. Indi, bolsa «Instagram» howpsuzlyk babatda göýberen bu säwligini aradan aýyrmaly we  gerekli çäreleri görmeli diýip pikir edýärin.» – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň