Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky awtomenziliň gurluşygy dowam edýär

10:1513.10.2020
0
27721

Şu günler «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary Türkmenabat şäherinde döwrebap awtomenziliň gurluşygyny güýçli depgin bilen alyp barýarlar. Olar häzire çenli binanyň ýerleşjek ýerinde ozaldan bar bolan köne howa menzilini doly söküp aýyrdylar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Häzir bu ýerde täze guruljak binalaryň binýadyny tutmak işleri alnyp barylýar. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, binýat örän berk bolup, her dürli tebigy ýagdaýlarda binanyň sarsman durmagyny üpjün eder. Bu gurluşyk ýerli ussalaryň köpsanlysy üçin iş orunlaryny döretdi.

Gurluşygyna şu ýylyň fewral aýynda girişilen awtomenzili 2022-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ol birbada 700 ýolagça hyzmat eder. Ýakyn ýyllarda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň welaýat merkezimize gelmegi bilen, bu menzil uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň